milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04.2023 410 Habarlar

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagynyň, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul edilen kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda bellenen özgertmeleriň hukuk esasyny döretmegiň, pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky işleriniň biri bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini aýtdy.