milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.03.2023 380 Habarlar

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üpjün edilýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, müdirlikleriň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek hem-de bu işi berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, beýleki kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.