milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.07.2024 183 Habarlar

Düýn – 26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygy, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, gurluşyk pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylyşy, «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigiň döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdiler.