milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.05.2024 215 Habarlar

Düýn – 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Soňra mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.