milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
27.01.2023 370 Habarlar

26-njy ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ulgamlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ekin meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary, gowaça tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Hasabatyň dowamynda sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy.

Mejlisde beýleki meselelere-de garaldy we pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.