milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
30.12.2023 438 Habarlar

Düýn – 29-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.