milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.12.2019 637 Habarlar

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.