milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
12.12.2023 300 Habarlar

Düýn – 11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.