milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.02.2023 296 Habarlar

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim boldy.

2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde degişli işler alnyp baryldy.