milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
14.09.2019 275 Habarlar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň işiniň netijelerine garaldy.

Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Milli Liderimiz häzir oba hojalygynda gyzgalaňly döwrüň - bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň başlanandygyny göz öňünde tutup, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisine etraplaryň häkimleriniň çagyrylmandygyny aýtdy.