milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
30.05.2019 442 Habarlar

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Ir bilen milli Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol birwagtyň özünde ilat sagdyn durmuş ýörelgesine giňden çekilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýan welosiped sportunyň ösdürilmegine, Türkmenistanda welosipediň dürli görnüşleri bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümetiň binasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.