12-nji aprelda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri
jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha
berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri
ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Şeýle hem mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.