milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
21.01.2023 452 Habarlar

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady we beýleki esasy ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, geljegi uly ugurlar boýunça, şol sanda energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Russiýanyň köp sebitleri Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen netijeli göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Bilelikdäki işewürler maslahatyna we beýleki çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýanyň beýleki birnäçe subýektleriniň ýolbaşçylary geldiler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.