milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
26.11.2023 506 Habarlar

Düýn – 25-nji noýabrda mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna garaldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.

«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Maslahatda ýerli býujetleriň geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňüne tutulan görkezijilerine garaldy. Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de halkyň bähbitlerine we onuň abadan durmuşyna hyzmat eder.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen beýleki kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.