milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
05.06.2023 780 Habarlar

3-nji iýunda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen resminamalaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.