Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly
bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet
syýasatynda halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny
tapyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri täze mazmun
bilen baýlaşdyrylýar. Ýagşy niýet bilen adamy mertebelemek, sahawatlylyk,
hemaýata mätäçlere goldaw bermek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde
mukaddes ýörelgä öwrülýär.
Ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini
goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata
we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen
guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde,
ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk
ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn
görnükli hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.GULMANOWA.
Aşgabat
şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry.