1-nji iýunda ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanda saparda
bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary
hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler
ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi
goldamagyň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup
hyzmat edýän parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma
bildirilýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi
döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine,
şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň ykrar edilmegine
gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi. Garaşsyz,
Bitarap ýurdumyz adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň
esasy ugurlary hökmünde yglan edip hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryny
ileri tutup, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Söhbetdeşligiň
dowamynda Baş sekretar Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden uzakda
parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň
möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, energetika we ekologiýa
howpsuzlygy, durnukly ulag, suw diplomatiýasy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň
yzygiderli giňeldilýändigine üns çekildi.
Söhbetdeşler
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary
kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini
belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, olary özara bähbitlere
laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, kanun çykaryjylyk
ulgamynda tejribe alyşmagyň, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary,
geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.