milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
23.02.2023 290 Habarlar

22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň giň ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen, yzygiderli amala aşyrylyp, anyk netijelere ýetmäge gönükdirilendir. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere, şol sanda Mejlisiň guraýan forumlaryna gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, olaryň ähmiýeti barada nygtady. Şeýlelikde, bu çäreleriň netijeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw bermekde Natalýa Germanyň ägirt uly şahsy goşandy bellenildi. Şeýle-de sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.