milli goshun logo
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy
12.09.2019 3305 Habarlar

11-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Däp bolşy ýaly, oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaşlar guramalarynyň agzalary döwrüň wajyp meseleleri hem-de geljekde amala aşyrylmaly möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gatnaşdylar.  

VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýew saýlandy, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy.

Gurultaýyň çäklerinde edilen çykyşlarda bellenilşi ýaly, özünüň öňünde goýulan wezipelere esaslanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy öz işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar. Biziň Döwletimiziň giň gerimli üstünlikleri ýaşlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylda döredildi. Şu günki günde ýurdumyzyň bir milliona golaý raýatlary bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýaş, edermen, maksadaokgunly harby gullukçylarynyň mynasyp orun bardyr.

Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň edermen goragçylary Ýaşlar guramasynyň öňünde duran wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly işlere uly goşant goşýarlar. Biziň ýaş esgerlerimizdir serkerdelerimiz bu jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalýan döredijilik bäsleşiklerinde ýygy-ýygydan ýeňişleri eýeleýändigi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

 «Milli goşun».