milli goshun logo
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna ylmy-amaly maslahat geçirildi
18.05.2019 544 Habarlar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, jemgyýetçilik guramalary hem-de Bilim ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirip, onuň işine gatnaşmak üçin parlamentiň deputatlaryndan başga-da, partiýa we jemgyýetçilik işgärlerini, alymlary hem-de syýasatşynaslary, zähmetkeşler toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny hem-de ýaşlary çagyrdy.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — ykdysadyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň hukuk esaslary» diýlip atlandyrylan maslahat üç bölüm boýunça geçirildi. Olary Esasy Kanunymyzda berkidilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary birleşdirdi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat bu baýramçylygyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazananlaryny, döwletimiziň esasy ýörelgelerini — Garaşsyzlygy hem-de hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem-de agzybirligi, demokratiýanyň we kanunyň rüstemligini nobatdaky gezek şöhlelendirdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.