milli goshun logo
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
20.01.2019 764 Habarlar

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi.

Häzir rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan her bir raýatyň azat we mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin goldaw berip hem-de amatly şertleri döredip, adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Kazyýet edaralarynyň baş wezipeleri adyl kazyýetliligi amala aşyrmakdan, türkmenistanlylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan ybaratdyr. Bu ugurdaky ähli işler kanunylygy, adalatlylygy we hukuk düzgün-tertibini berjaý etmäge, hukuk düzgün bozulmalaryna getirýän sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Hasabatlarda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminamada kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, adyl kazyýetliligiň we kazyýet önümçiliginiň ýörelgeleri kämilleşdirilýär, adyl kazyýetliligiň açyklygynyň hem-de aýdyňlygynyň ýokary derejesini, kazyýet çözgütlerini milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda adalatly we garaşsyz çykarmagy üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär.

Şunda bu edaranyň işgärleriniň hünär derejesini hem-de hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň taslamasy hödürlenildi.

Çykyş edenler adyl kazyýetliligi ýerine ýetirmegiň çäklerinde her bir kazy üçin hünär kadalaryny kesgitleýän hukuk namasynyň ähmiýetini nygtadylar. Hödürlenen resminamanyň taslamasy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan makullanylyp, biragyzdan kabul edildi.

Maslahatda kazylaryň nobatdaky we nobatdan daşary maslahatlaryny çagyrmagyň, geçirmegiň hem-de özüniň ygtyýarlylygyna degişli meseleler boýunça çözgütleri kabul etmegiň tertibini kesgitleýän kazylaryň maslahatynyň Dessury hem kabul edildi.

Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahatyna gatnaşyjylar geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.