milli goshun logo
Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar
Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde abraýy artýar
01.08.2019 966 Sport

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlanýar.

Şeýle giň gerimli ýaryşlara taýýarlyk görmek işleri Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji iýunda gol çeken resminamalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 2020-nji ýylyň noýabr aýynda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Mundan başga-da, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Düzgünnamany işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.