milli goshun logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
21.04.2023 671 Habarlar

20-nji aprelde Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, şu günki mejlisiň döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýändigini belledi.

«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu edaralar welaýat, etrap, şäher häkimlikleri bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.

«Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary, ýagny welaýatda — welaýat halk maslahaty; welaýat hukukly şäherde — şäher halk maslahaty; etrapda — etrap halk maslahaty; etrap hukukly şäherde — şäher halk maslahaty döredilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň esasy ygtyýarlyklaryny belledi.