milli goshun logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy
17.05.2024 163 Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwlete iş saparynyň çäklerinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini nygtadylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Tatarystanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleriniň Mintimer Şaýmiýewiň kabul eden öňdengörüjilikli çözgütleriniň we garaýyşlarynyň netijesidigini belledi. Ol häzirki günde-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi wezipesinde öz halkyna hyzmat etmegini ýadawsyz dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýän özara bähbitli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandy üçin Mintimer Şaýmiýewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.