milli goshun logo
Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
22.04.2019 605 Habarlar

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar. Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Gaz kongresi (TGC 2019) geografiýasy we oňa gatnaşyjylaryň derejesi babatynda aýratyn wekilçilikli bolar, foruma gatnaşmak üçin eýýäm daşary ýurt döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri, alymlar we bilermenler, akademiki we maliýe edaralarynyň işgärleri, ugurdaş iri kärhanalaryň we transmilli holdingleriň wekilleri gyzyklanma bildirdiler. Olaryň hatarynda «Hyundai Engineering», «Kawasaki», «Shell», «Petronas», «Gaffney», «Cline and Associates», «NAPECO», «Vitol», «CNPC», «Dragon Oil», «ENI», «Buried Hill» we beýlekiler bar.

21—22-nji maýda geçiriljek Gaz kongresinde ýurdumyzy durnukly ösdürmek maksady bilen, türkmen Lideriniň daşary ýurtlara energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň biri bolar. Şunuň bilen baglylykda, sebit üçin strategiki möhüm ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy maslahatyň gün tertibine aýratyn mesele hökmünde giriziler.