milli goshun logo
Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
12.12.2019 845 Habarlar

11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de diplomatik düzümiň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de giňeltmegi ugur edinýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan öz Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly ulanýar.

Çykyş edenler milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli teklipleriniň zerurdygyny belläp, olaryň esasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň Kararnamalarynyň 13-siniň kabul edilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi aýratyn bellenildi.