milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.11.2019 438 Habarlar

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onda şu ýylyň geçen on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.