milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.03.2019 648 Habarlar

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň iki aýynda geçiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler bellenildi.

Milli Liderimiz halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny berkitmek boýunça ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Geljekde hem şahsy düzümiň harby-watançylyk terbiýesine aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we birkemsiz ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.