milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
09.11.2023 329 Habarlar

Düýn – 8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi.

Mejlise gatnaşyjylar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen on aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy şol ýörelgelere esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini, işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreler görler

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.