milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.04.2023 675 Habarlar

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň birinji çärýeginde goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek, Ýaragly Güýçleriň ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji martynda gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda görülýän çäreler we harby-taktiki okuwlara taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny belledi. Geçiriljek harby-taktiki okuwlara talabalaýyk taýýarlyk görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Milli goşunyň ähli düzümleriniň işini ýokary derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, harby ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek we ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.