milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
13.02.2019 643 Habarlar

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan etmek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmäge gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda amala aşyrylýan özgertmeler hem şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belläp, harby özgertmeleriň durmuş meseleleriniň Hökümetiň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ata Watanymyzy goramak işinde üstünlikleri arzuw etdi.