milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.05.2023 738 Habarlar

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Milli goşunyň düzüm böleklerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hasabatda beýan edilen meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem Ýaragly Güýçlerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gullugy, mynasyp durmuşy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek diýip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda esgerleriň hem-de harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby ýörelgeleri esasynda, Watana bolan söýgi we watançylyk ruhunda terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine şol gün paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda bu baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdiler.