milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12.2019 1143 Habarlar

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap bardy.

Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň geçirilýän ýerine bardy, bu ýerde milli Liderimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Mejlisde garaşsyz döwletimiziň durnuklylygyny saklamaga, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli meselelere garaldy.