milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
08.03.2023 304 Habarlar

7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler hem girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümlere häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de harby ulgamda toplanan öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek babatda ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň garamagyndaky düzüm bölekleriniň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, serkerdeleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýaş esgerleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, harby gullukçylaryň söweşjeň hem-de nazaryýet taýýarlygyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.