milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.05.2024 202 Habarlar

Düýn – 2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.