milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
04.02.2023 382 Habarlar

3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary hünär derejeli harby işgärleri taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň degişli düzümler tarapyndan ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmek üçin öňümizde örän uly maksatlaryň durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy has-da berkitmek biziň esasy maksatlarymyz bolup durýar. Goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem-de beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.