milli goshun logo
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
18.02.2019 1167 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmen diplomatiýasy: halkara meselelerini çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli mejlise gatnaşyjylara iberen gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyna bagyşlanan filmiň görkezilmegi bilen dowam etdi. Maslahatda BMG-niň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de ýurdumyzda wekilçilik edýän daşary ýurt döwletleriniň wekilleri çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatyna bagyşlanan kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi hem-de toý sadakasy berildi.

«Milli goşun».