milli goshun logo
Türkmenistanyň DIM-nde Montana ştatynyň General adýutanty bilen harby meseleler boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Montana ştatynyň General adýutanty bilen harby meseleler boýunça duşuşyk geçirildi
26.09.2022 1172 Harby özgertmeler

2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatnamanyň netijesinde Newada ştatynyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen birnäçe öndürijilikli alyş-çalyşlar, okuwlar durmuşa geçirildi.

Şeýle hem taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk işler we ş.m ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.