milli goshun logo
Türkmenistanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi
27.05.2023 513 Habarlar

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. 

Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy R.Otunbaýewa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi, Türkmenistanyň Hyrat we Mazary-Şerif şäherlerindäki baş konsullary, şeýle hem wideoulgam arkaly Bütündünýä Bankynyň Owganystandaky we Gazagystandaky şahamçalarynyň müdirleri gantaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady meseleler boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.

Bu duşuşyk Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Taraplar Owganystanyň durnukly, parahat we ösýän ýurda öwrülmegine berk ygrarlylyk bildirdiler hem-de Owganystanyň halkyna kömek bermekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny bellediler.