milli goshun logo
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi
02.10.2023 583 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Kanun esasynda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi hem-de medal hakynda Düzgünnama, şeýle hem medalyň Ýazgysy tassyklanyldy.         

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň  30-njy sentýabrynda geçirilen maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe, maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary sylaglanylýar.