milli goshun logo
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
01.01.2020 2805 Habarlar

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär.

Täze ýyl agşamy ajaýyp baýramçylyk ähli şäherleri we obalary, Watanymyzyň her bir künjegini gurşap aldy. Tüýs ýürekden çykýan şatlyk duýgulary seýilgählerde we seýilbaglarynda, meýdançalarda we köçelerde, teatr we aýdym-saz sahnalarynda äşgär duýuldy.

Täze ýylyň gahrymanlary — Aýazbaba, Garpamyk, 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk, ähli baýramçylyklaryň däbe öwrülen gahrymany Wepaly alabaý bilen bilelikde uly adamlary we çagalary aýdym-sazlaryň şirin owazlarynyň astynda arçalaryň töweregine birleşdirdi.

Belli artistleriň, ýaş estrada we sirk artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda görkezilen dürli öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, joşgunly aýdym-sazly konsertler türkmenistanlylara özboluşly sowgat bolup, adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende galdyrdy.