milli goshun logo
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
22.05.2019 483 Habarlar

21-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.

Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny TGС — 2019-yň häzirki ýubileý forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy geldiler. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

«Gaz — geljegiň ýangyjy» diýen at bilen «Berkarar» myhmanhanasynda geçen umumy mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümleriniň wekilleri hyzmatdaşlary energetiki strategiýanyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekdäki geljegi uly meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar.

22-nji maýda X Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.