milli goshun logo
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
29.04.2024 136 Habarlar

Düýn – 28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz hormatly myhman Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen bilelikde dürli tilsimleri, çeýeligini we ussatlygyny görkezýän pälwanlaryň göreşini synlady. Soňra Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi.

Belläp geçsek, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde baýramçylyk çäreleri dowam etdi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.