milli goshun logo
Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy
22.04.2019 441 Habarlar

21-nji aprelda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Bu döredijilik duşuşygynyň çäklerinde dürli çäreler türkmen paýtagtynda, şeýle hem Mary şäherinde uly üstünlik bilen geçirildi hem-de köp öwüşginli baýramçylyk hökmünde iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Çäräniň dowamynda arap sungatynyň köp öwüşginli aýratynlyklary beýan edildi. Mukamlar köşgünde we «Watan» kinokonsert merkezinde Saud Arabystanynyň belli aýdymçylarynyň we folklor toparynyň çykyşlary boldy, Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda bolsa myhmanlar sahna oýnuny görkezdiler. Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda tomaşaçylara gadymy we häzirki zaman eserleri görkezildi.