Häzirki
döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek
meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenler
taýýarlanylmalydyr. Bu barada
hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda 8-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda aýtdy.
Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli
çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumlaryna öwürmek, bu
toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak zerurdyr.
Şeýle hem
umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze
tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta
mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi.
Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp
barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta
mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn
nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny
belledi.
Mekdep
okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini
ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde
psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.
Okuwda we
jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we
bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident
okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen
döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam
ederdi.