milli goshun logo
Türkmenistanda internet-dükanlarynyň işi kämilleşdirilýär
Türkmenistanda internet-dükanlarynyň işi kämilleşdirilýär
11.01.2020 1039 Habarlar

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow söwda pudagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak hem-de ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly «Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu taslama Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy.

Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.