milli goshun logo
Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
11.11.2019 1400 Habarlar

10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler.

Şanly waka mynasybetli däp boýunça paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hasyl ussatlaryny sarpalamak, dürli medeni-köpçülik we sport çäreleri, ýörite maslahatlar hem-de sergiler geçirildi, bereketli saçaklar giňden ýazyldy.