milli goshun logo
Türkmenistanda halkara bilim-sport maslahaty we sergisi geçiriler
Türkmenistanda halkara bilim-sport maslahaty we sergisi geçiriler
27.10.2019 496 Habarlar

26-njy oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow hormatly Prezidentimize 14-15-nji noýabrda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 30 ýurtdan kompaniýalaryň 120-si kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon hem-de barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny öndürijiler, okuw programma üpjünçiligini, sport lybaslaryny we esbaplaryny işläp taýýarlaýjylar foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Türkmenistana ýokary okuw mekdepleri, bilim we sport guramalary, bu ugra degişli hususy kärhanalar wekilçilik eder.

Ylmy maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary gatnaşarlar. Şeýle hem duşuşyklary we tanyşdyryş çärelerini guramak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer ylmy maslahatyň maksatnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Maslahatyň bölümleri sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilimiň eýeleýän ornuna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň innowasion binýadynyň kemala getirilişine, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryna, bedenterbiýe-sport meselesine bagyşlanar. Bölümçeleriň mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersetitinde, Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiriler.