milli goshun logo
Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär
Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär
16.05.2019 383 Habarlar

15-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, şeýle hem olaryň adyna Türkmenistanyň Prezidentiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden gelip gowşan gutlaglar bu çäräniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.

Forum «Arkalaşygyň umumy ynsanperwer giňişligi: medeniýet, bilim we ylym ulgamynda söhbetdeşlik» diýlip atlandyrylýar. Onuň gün tertibine häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem-de bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemek meseleleri girizildi.

Wekilleriň 200-e golaýy—Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleri, alymlary, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri şu gün irden «Mekan» köşgünde ýygnandylar. Onuň girelgesiniň öňünde artistler myhmanlary dürli döredijilik äheňleri boýunça aýdym-saz çykyşlary bilen garşyladylar.