milli goshun logo
Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.02.2019 705 Habarlar

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saýuti Ýahaýa Iddiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, milli Liderimize Gana Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky mähirli arzuwlaryny ýetirdi hem-de iki döwletiň we halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatda tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

***

26-njy fewralda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.